Lebap basketball

Lebap basketball

Share

🏀 Lebap Basketball Официальная страница баскетбола региона

Матчи • Результаты • Эмоции

📍 Lebap | Türkmenistan

👇 Подпишись и поддержи наших

13/03/2026

🏀 Lebaply basketbolçylar ilkinji Laýt Kweste gatnaşýar!

​Taryhy pursatlara taýynmy?
"Turkmenistan 3x3 Lite Quest 2026" ýaryşynyň ýeňijisi Hytaýyň Sian şäherinde (16-17-nji maýda) geçiriljek abraýly 3x3 World Tour Challenger ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanar!

​Lebap welaýatyna bu ýaryşda iki sany güýçli düzüm wekilçilik edýär. Ine, biziň gahrymanlarymyz:

​🟢 "Lebap" topary:
​Tejribeli we agzybir düzüm meýdança çykýar:
​Kemal Artykow
​Döwlet Annaýew .dovlet
​Azat Altyýew
​Aýdogdy Ruslanow .aydogdy

​⚪️ "Türkmenabat" topary:
​Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň (TDBSI) talyplaryndan ybarat ýaş we gaýratly düzüm:
​Azim Ýakubow .2002.11
​Atakuly Haýdarow
​Hamit Farhadow
​Polat Berdiýew

​🇨🇳 Maksat: Sian (Hytaý)!
​Bu ýaryş diňe bir oýun däl, eýsem halkara derejesine çykmak üçin uly mümkinçilikdir. Biziň ýigitlerimiziň her bir zyňşy, her bir urgusy ýeňşe tarap ädimdir!
​Biziň toparlarymyza goldaw beriň! Siz haýsy toparyň finala çykaryna ynanýarsyňyz? 👇

​ 🇹🇲🏀

10/03/2026

🎉  DOĞLAN GÜNÜÑ GUTLY BOLSUN! 🎂

Lebap Basketball jemgyýeti Lebap welaýatynyň baýry basketbolçysy Atamurat AMANOWY doglan güni bilen gutlaýarys! 🎁

Oňa berk jan saglygyny💯, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly üstünlikleri 📈🎯 we arzuw-maksatlaryna ýetmegini🪄 tüýs ýürekden 🤍 arzuw edýäris! 🏀💪🎉

06/03/2026

🎉  DOĞLAN GÜNÜÑ GUTLY BOLSUN! 🎂

Lebap Basketball jemgyýeti Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 12-nji sport mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Kerim OÇILOWY doglan güni bilen gutlaýarys! 🎁

Oňa berk jan saglygyny💯, maşgala abadançylygyny işlerinde, sportda ⛹️‍♂️ uly üstünlikleri 📈🎯 we arzuw-maksatlaryna ýetmegini🪄 tüýs ýürekden 🤍 arzuw edýäris! 🏀💪🎉

04/03/2026

🎉  DOĞLAN GÜNÜÑ GUTLY BOLSUN! 🎂

Lebap Basketball jemgyýeti Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň emini we Lebap welaýatynyň erkekler ýygyndy toparynyň oýunçysy Serdar EMINJANOWY doglan güni bilen gutlaýarys! 🎁

Oňa berk jan saglygyny💯, maşgala abadançylygyny 👨‍👩‍👧‍👧, okuwda 📚 we sportda ⛹️‍♂️ uly üstünlikleri 📈🎯 we arzuw-maksatlaryna ýetmegini🪄 tüýs ýürekden 🤍 arzuw edýäris! 🏀💪🎉

03/03/2026

🏀 Basketbol 3х3: Lebaply ýetginjekler Aşgabada taýýar!

​4- 6 mart aralygynda paýtagtymyzda 18 ýaşyna çenli ýetginjekleriň arasynda basketboluň 3х3 görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçiriler. Lebap welaýatynyň adyndan bu ýaryşda iň güýçli we zehinli türgenlerimiziň 5 topary çykyş eder!

​📋 Biziň toparlarymyz:

​Oglanlar (3 topar):
​⚡ Farap
​⚡ Lebap-1
​⚡ Lebap-2

​Gyzlar (2 topar):
​✨ Lebap-1
​✨ Lebap-2

​Näme üçin bu gyzykly?

​3x3 basketbol — bu diňe bir oýun däl, bu tizlik, güýç we soňky sekunda çenli dowam edýän dartgynly göreşdir. Lebaply gyzlar we oglanlar öz ussatlyklaryny görkezip, welaýatymyzyň abraýyny belende götermäge taýýarlandylar!

​Türgenlerimize ak ýol, dürs urgular we uly ýeňişler arzuw edýäris! Biz size ynanýarys!

​📢 Gadyrly janköýerler, türgenlerimizi goldalyň! Siz haýsy toparymyza has köp ynanýarsyňyz? 👇

24/02/2026

🎉  DOĞLAN GÜNÜÑ GUTLY BOLSUN! 🎂

Lebap Basketball jemgyýeti Türkmenistanyň erkekler Milli ýygyndy toparynyň oýunçysy Döwlet NARMYRADOWY doglan güni bilen gutlaýarys! 🎁

Oňa berk jan saglygyny💯, maşgala abadançylygyny 👨‍👩‍👧‍👧, okuwda 📚 we sportda ⛹️‍♂️ uly üstünlikleri 📈🎯 we arzuw-maksatlaryna ýetmegini🪄 tüýs ýürekden 🤍 arzuw edýäris! 🏀💪🎉

23/02/2026

U12 MINEBASKETBOL BIRINJILIGI🏀
TAMAMLANDY

​Aşgabat köpugurly stadionynda oglanlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy. Lebap welaýatynyň oglanlar ýygyndy topary ýaryşyň dowamynda tutanýerli oýun görkezip, ýaryşyň dowamynda 2 ýeňiş we 3 utulyş gazanyp jemleýji durmasynda 4-nji orny eýeledi.

​🔥 Soňky oýnuň netijesi:
LEBAP 35 : 54 AŞGABAT 1
(22 fewral 2026, 10:00)

​Ýaş basketbolçylarymyza tejribe toplandygy we sporta bolan höwesi üçin minnetdarlyk bildirýäris. Öňde täze üstünlikler we uly ýeňişler garaşýar! 💪🏅

22/02/2026

🏀 OÝUN NETIJESI 🔥
U12 TÜRKMENISTANYŇ BIRINJILIGI

​ 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň oýunlary dowam edýär! Şu günki duşuşykda Lebap welaýatynyň ýygyndysy Aşgabat şäheriniň 2-nji topary bilen oýnady.

​📊 Hasabat:
• ​Lebap 62 : 29 Aşgabat 2
• ​Wagty: 11:30, 21 fewral 2026
• ​Geçirilen ýeri: Aşgabat köpugurly stadiony

​Öz ýydyndy toparymyzyň oglanlaryny ýeňiş bilen gutlaýarys! Aşgabat 2 toparyna bolsa indiki oýunlarda şowlulyk we tutanýerlilik dileýäris. Ýaş türgenlerimiziň her bir ädimi — türkmen basketbolynyň geljegidir!

📱
​   Dasoguz OyunNetijesi

21/02/2026

🏀 OÝUN NETIJESI 🔥
U12 TÜRKMENISTANYŇ BIRINJILIGI

​ 12 ýaşa çenli oglanlarynyň arasyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň oýunlary dowam edýär! Şu günki duşuşykda Lebap welaýatynyň ýygyndysy Balkan welaýatynyň deň-duşlary bilen oýnady.

​📊 Hasabat:
• ​Balkan 47 : 25 Lebap
• ​Wagty: 13:00, 20 fewral 2026
• ​Geçirilen ýeri: Aşgabat köpugurly stadiony

​Balkan toparyny ýeňiş bilen gutlaýarys! Öz toparymyza bolsa indiki oýunlarda şowlulyk we tutanýerlilik dileýäris. Ýaş türgenlerimiziň her bir ädimi — türkmen basketbolynyň geljegidir!

📱
​   Dasoguz OyunNetijesi

20/02/2026

🏀 OÝUN NETIJESI 🔥
U12 TÜRKMENISTANYŇ BIRINJILIGI

​ 12 ýaşa çenli oglanlarynyň arasyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň oýunlary dowam edýär! Şu günki duşuşykda Lebap welaýatynyň ýygyndysy özüniň üstünlikli oýnuny görkezdi.

​📊 Hasabat:
• ​Daşoguz 27 : 29 Lebap
• ​Wagty: 13:00, 19 fewral 2026
• ​Geçirilen ýeri: Aşgabat köpugurly stadiony

​Lebaply oglanlarymyzy uly ýeňiş bilen gutlaýarys! Daşoguz toparyna bolsa indiki oýunlarda şowlulyk we tutanýerlilik dileýäris. Ýaş türgenlerimiziň her bir ädimi — türkmen basketbolynyň geljegidir!

📱
​   Dasoguz OyunNetijesi

20/02/2026

🎉  DOĞLAN GÜNÜÑ GUTLY BOLSUN! 🎂

Lebap Basketball jemgyýeti Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 11-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jennet KUMEKOWANY doglan güni bilen gutlaýarys! 🎁

Oňa berk jan saglygyny💯, maşgala abadançylygyny 👨‍👩‍👧‍👧, işlerinde uly üstünlikleri 📈🎯 we arzuw-maksatlaryna ýetmegini🪄 tüýs ýürekden 🤍 arzuw edýäris! 🏀💪🎉

18/02/2026

🏀 OÝUN NETIJESI 🔥
U12 TÜRKMENISTANYŇ BIRINJILIGI

​Aşgabat köpugurly stadionynda oglanlaryň arasynda minibasketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi başlandy. Lebap welaýatynyň ýaş türgenleri ilkinji duşuşygyny geçirdiler.

​🔥 Duşuşygyň netijesi:
AHAL 41 : 29 LEBAP

​Bu diňe ýoluň başlangyjy! Oglanlarymyz meýdançada gaýratly oýun görkezdiler. Öňde entek birnäçe oýun bar, ruhdan düşmän, öňe sary dowam edýäris! 💪✨

​Seniň goldawyň oglanlarymyz üçin örän möhüm! Ýorumlarda şowlulyk dilemegi unutmaň! 👇🏆

Want your business to be the top-listed Gym/sports Facility in Türkmenabat?

Click here to claim your Sponsored Listing.

Location

Category

Website

Address


Türkmenabat

Opening Hours

Monday 09:00 - 17:00
Tuesday 09:00 - 17:00
Wednesday 09:00 - 17:00
Thursday 09:00 - 17:00
Friday 09:00 - 17:00